Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniňkide myhmançylykda boldy, Türkmenistanda 7 aýyň dowamynda 2 mln tonnadan gowrak nebit alyndy, 1-nji sentýabrda Baýramalyda täze mekdep açylar

11:3825.08.2022
0
31294

1. Ka-Re lakamy bilen meşhur bolan türkmen estrada ýyldyzy Kakajan Rejepow Dagystan Respublikasynyň medeniýet ministri Zarema Butaýewa tarapyndan kabul edildi.

2. 2022-nji ýylyň 7 aýynyň dowamynda «Türkmennebit» Döwlet konserni tarapyndan senagat taýdan özleşdirilen guýulardan 2 million 123 müň tonna nebit we 2 mlrd 613 kubmetr gaz alyndy. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki döwür üçin önümçilik meýilnamasy degişlilikde 101,1% we 115,3% ýerine ýetirildi.

3. 1-nji sentýabrda Baýramaly şäheriniň Könegala köçesiniň ugrunda iňlis dilini we ynsanperwer dersleri çuňlaşdyryp öwredýän täze ýöriteleşdirilen mekdep açylar.

4. Daşoguz welaýatynda 2 sany täze umumybilim berýän orta mekdebi we bir çagalar bagyny ulanyşa bermäge taýýarlyk görülýär. Mekdepleriň biri S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Şöhrat» geňeşliginiň Buýanly obasynda, beýleki mekdep we çagalar bagy bolsa Daşoguzdaky täze ýaşaýyş toplumynyň Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşerler.

5. Türkmenistanda çetde ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly nokatlarda Gün elektrik stansiýalaryny gurmak üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça bäsleşigiň möhleti 20-nji sentýabra çenli uzaldyldy.

6. Türkmenisanda jemi 4,97 trillion kubmetr gaz gory bolan 149 sany gaz we gaz kondensantynyň ýataklarynyň üsti açyldy. Olaryň 139 sanysy gury ýerde, galan 10-sy bolsa Hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşýär. Ýatlatsak, Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça Russiýa, Eýran we Katar bilen bir hatarda dünýäniň ilkinji dörtlügine girýär.

7. Golaýda «Çäksiz Hazar» atly iň gowy žurnalistik işleriň bäsleşigine arzalaryň kabul edişligi tamamlandy. Oňa Azerbaýjandan, Gazagystandan, russiýadan we Türkmenistandan 43 wekil gatnaşdy. Olar jemi 113 arza we 162 sany iş tabşyrdylar. Iň köp sanly iş Russiýadan iberildi – 112 iş, şol sanda Gazagyustandan 38 sany, Türkmenistandan 9 sany, Azerbaýjandan bolsa 3 sany iş tabşyryldy.

8. Russiýanyň IT- kompaniýasy «Яндекс» «Вконтакте» jemgyýetçilik tory bilen baglaşylan şertnamadan soň, baş sahypasyny çalşar. Indi ol ýerde habarlar bölümi bolmaz, kompaniýa bu hyzmaty «Яндекс.Дзен» bilen birlikde «VK-a» satar. Şertnamany 2022-nji ýylyň aýagyna çenli ýapmak göz öňünde tutulýar.

9.Başgyrdystanyň Buzdýak obasynda beleş pirogynyň hormatyna ýadygärlik dikildi. Mejmedäki (podnos) saçakda duran 350 kilogramlyk tegelek metal pirog başgyrt fleýtasy – kuraýy alamatlandyrýan metal turbalaryň üstünde ýerleşdirlipdir.

10. «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty – 2022-niň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň arasynda öňdeligi eýeläp gelýär. 29 ýaşly hüjümçi Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyr duşuşygynda «Köpetdagyň» derwezesine gol geçiripdi. Indi onuň gollarynyň sany 5-e ýetdi. Durdyýew bu görkeziji boýunça geçen möwsümde 4 gola öz adyny ýazdyran «Köpetdagyň» ýarymgoragçysy Begenç Akmämmedowdan öňe geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň