Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy

16:4624.08.2022
0
42062

Türkmenistanly estrada ýyldyzy Kakajan Rejebow Dagystan Respublikasynyň medeniýet ministri Zarema Butaýewa bilen duşuşdy. Ka-Re lakamy bilen tanalýan aýdymçy duşuşygyň suratyny jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda: «Dagystanyň medeniýet ministri bilen duşuşyk» diýen ýazgy bilen paýlaşdy.

Zehinli ýerine ýetirijiniň 2015-nji ýylda Mahaçkaladaky «Hazar» güýmenje merkezinde ýekelikde çykyş eden mahaly aýdym-sazlary bilen tutuş Dagystany özüne baglandygyny bellemelidiris.

Dagystanyň metbugaty Ka-Re-ni şeýle suratlandyrýar: «Kakajan Rejepow güneşli Aşgabatdan, Türkmenistanyň parlak ýyldyzy. Zehinli ýerine ýetiriji öz kompozisiýasynyň aýdym-saz sazlary bilen tomaşaçylary özüne çekdi. «Ine, ol», «Opa, opa» we «Ýyldyz» ýaly kompozisiýalar aýdymçynyň ajaýyp eserlerine öwrüldi we dessine meşhurlyk gazandy».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň