Başgyrt halkynyň milli işleklisi bolan beleşe ýurduň Buzdýak obasynda ýadygärlik oturdyldy, bu barada Başgyrdystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýadygärligiň açylyş dabarasy «Beleşfest-2022» festiwalynyň çäklerinde geçdi. Ýadygärlikde agramy 350 kilogram bolan tegelek metal işlekli mejimäniň üstünde dur, mejime hem başgyrt halkynyň kuraý milli tüýdügini alamatlandyrýan metal turbalaryň üstünde ýerleşdirilipdir.
Festiwalda gora gömlüp bişirilýän beleş Başgyrdystanda ýaşaýan halklaryň milli aşhanasynyň nyşany boldy. Baýramçylygyň myhmanlaryna başgyrtlaryň, tatarlaryň, ruslaryň, çuwaşlaryň, mariýlileriň, udmurtlaryň tagamlary hödür edildi.