Arhiw

TÝL ― 2022: Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi

11:4024.08.2022
0
22631

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda birinji orna çykdy. Ol çempionatyň 5-nji tapgyrynda «Köpetdag» bilen bolan duşuşykda möwsümdäki altynjy pökgüsini geçirdi.

Şeýle hem şol duşuşykda tapawutlanan Arslanmyrat Amanow bu sanawyň üçünji ornunyň ýeke-täk eýesi boldy. Araslanmyrat möwsümdäki gollarynyň sanyny dörde çykardy. Ikinji orunda bolsa «Köpetdagyň» bäş golly futbolçysy Begenç Akmämmedow bar.

5-nji tapgyrdan soň möwsümde tamamlanan futbolçylaryň sanynyň 30-dan geçendigini hem aýtmak gerek. 32 futbolçylyk sanawa 5-nji tapgyrda «Aşgabatdan» Döwran Berdiýew bilen Pirmyrat Sultanow, «Köpetdagdan» Şiri Annaýew, "Nebitçiden" dagylar goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň