Soňky habarlar

Arhiw

«Petronas» Aşgabatda kömekçi işgär gözleýär, Ahal welaýatynda Akhanyň heýkeli oturdylar, Fransiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar we beýleki habarlar

09:3123.05.2022
0
28097

1. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Aşgabat şäherinde kömekçi işgär wezipesini açandygyny mälim etdi. Wezipä dalaşgärleriň iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp bilmekleri, orta bilim hakynda şahadatnamasynyň bolmagy hem-de degişli ugur boýunça 3 ýyl iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär.

2. Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan meşhur Akhan atly bedewiň heýkeli ýerleşdirilen ýadygärlik bina ediler. 2018-nji ýylda Akhan çarpaýa galyp, iki aýakda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip dünýä rekordyna adyny ýazdyrdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

3. 25-26-njy maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda XXI «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi geçiriler. Gözden geçirilişe 80-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

4. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy ýurdumyzyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna çenli uzaltmak işine girişdi. Ilçihanamyz Pariž şäheriniň Piko köçesiniň 13-nji jaýynda ýerleşýär.

5. Aşgabat şäherinde «Türkmen teatr sungaty» festiwaly badalga aldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň teatr ussatlary we Döwlet sirkiniň wekilleri gatnaşdylar.

6. «Turkmenportal» mobil goşundysynyň iOS operasion ulgamynda işleýän täzelenenmesini hödürledi. Täze görnüşde push-habarlary almak bilen baglanyşykly kemçilik aradan aýryldy, wideolara tomaşa etmek üçin artykmaç düwmelere basmak gerek däl, interfeýs täzelenen we işleýiş tizligi ýokary. Mobil goşundy 3 dilde elýeterli bolup, ony «App Store» dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

7. Özbegistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylyndan başlap birmeňzeş mekdep lybasy giriziler. Ýurduň Hökümeti 1-nji iýuna çenli her sebitiň mekdep lybasyna bolan talabyny kesgitlemek hakynda tabşyryk berdi, 10-njy awgustda bolsa olaryň satuwy ýola goýlar.

8. 51 ýaşly britaniýaly Riçard Skott adaty bolmadyk rekorda adyny ýazdyrdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol 36 sagatlap sallançakda uçupdyr. Ol şenbe güni irden sallançaga münüp, ondan ýekşenbe güni agşam düşüpdir.

9. «Seria A-nyň» ahyrky duşuşygynda «Milan» «Sassuolodan» 3:0 hasabynda üstün çykyp, 11 ýyldan soň Italiýanyň çempiony boldy. Şol wagt hem, häzir hem toparyň düzüminde Zlatan Ibragimowiç oýnady. «Rossoneri» bolsa öz taryhynda 19-njy gezek «skudetto» eýe boldy.

10. Kazanyň «Rubin» topary Russiýanyň Premýer-Ligasynda (RPL) 19 möwsümden soň Milli Futbol ligasyna (MFT) düşdi. Tatarstanyň paýtagtyna degişli topar ahyrky tapgyrda «Ufadan» 1:2 hasabynda asgyn gelip, RPL-de 29 utuk bilen 15-nji orny eýeläpdi. «Rubin» 2003-nji ýylda türkmen tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek RFPL-de çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy we hemişe diýen ýaly medal üçin göreşýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň