«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdi

09:2421.05.2022
2
48358

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Aşgabatdaky kömekçi wezipesine boş iş ornunyň yglan edilýändigini habar berýär.

Bu ugurda bäsleşikli saýlawa ýörite hünärli hem-de dalaşgärlere bildirilýän talaplara kybap gelýän hünärmenler çagyrylýar.

Degişli wezipä isleg bildirýän dalaşgärleriň ählisi şu aýratynlyklara görä, zerur bolan maglumatlary we resminamalary getirmelidir:

  • Bilim: Orta bilim baradaky ýa-da şu hili derejedäki bilim barada şahadatnamanyň bolmagy;
  • Iş tejribesi: degişli ugurda 3 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy;
  • Dilleri bilmek: türkmen, rus we iňlis dilleriniň ýazuw hem-de sözleýiş görnüşlerine erkin erk etmek.

Iş orny boýunça MS Office başarnyklarynyň bolmagy hökmanydyr.

Anketany kompaniýanyň Aşgabat şäherinde şu salgyda ýerleşýän ofisinden almak bolýar: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B-blok).

Dolduran anketaňyzy şu bildirişiň goýlan senesinden 1 hepde wagtdan eglenmän kompaniýanyň edarasyna gowşurmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ibermelidir.

Hatda dalaşgäriň familiýasynyň, adynyň we atasynyň adynyň, şeýle-de hödürleýän iş wezipesiniň görkezilmegi möhümdir.

Işe kabul etmek bilen bagly söhbetdeşlige diňe wezipä has mynasyp gelýän dalaşgärler çagyrylar.

Boş iş orunlary baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
MaxLorence88 ( 24.05.2022 )

Ashgabatdan uzakda yashayan adamlar nadip almaly anketany???

6