Soňky habarlar

Arhiw

Ahalda Akhan bedewiň heýkeli gurlar

21:2821.05.2022
1
15719

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çäginde meşhur Akhan atly bedewiň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerini şu ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň seýislän Akhan atly bedewi 2018-nji ýylda 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol görkezen netijesi boýunça Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy. Şu ýyl bolsa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşyklaryň jemleýji çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwara Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy bilen birlikde, täze döredilen «Akhan» baýragy gowşuryldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Aşgabat Aziadasynyň alawyny ýakan türgen hem şol bedewe atlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň