Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar, Aşgabatda robototehnika boýunça bäsleşikler geçirildi, türkmenistanly agyr atletikaçy ýuniorlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy

09:4612.05.2022
0
7660
Kazanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar, Aşgabatda robototehnika boýunça bäsleşikler geçirildi, türkmenistanly agyr atletikaçy ýuniorlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy

1. Kazan şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň baş konsullygy türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň aýagyna çenli uzaltmaga girişdi.

2. «Ak Nesil» okuw merkezi 6-8 ýaşly çagalary we olaryň ene-atalaryny iňlis dili dersinden tölegsiz görkezme okuw sapagyna çagyrýar. Giriş sapagy 14-nji maýda sagat 12:00 we 14:00-da geçiriler. Sapagyň temasy — «Haýwanat dünýäsi».

3. Aşgabat şäherinde dokma senagatyna degişli türkmen öndürijileriniň täze dükanlary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Dükanlar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýärler. Ýöriteleşdirilen dükanlarda «Ýeňiş», «Gala», «Nusaý», «Bürgüt» we beýleki söwda nyşanlarynyň dürli görnüşli dokma önümleri alyjylara hödürlenýär.

4. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinde robototehnika boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigiň meýilnamasynda robotlar üçin päsgelçilikli ýaryşlar, suratkeş robotlaryň bäsleşigi we robotlaryň göreşi göz öňünde tutuldy.

1. Braziliýada dünýäniň iň uzyn papaýa agajy ösýär. Tarsisio Folsanyň fermasynda ýerleşýän agajyň boýy 14 metr 55 santimetre ýetýär.

2. «Apple» kompaniýasy meşhur «iPod touch» pleýeriniň önümçiligini bes etdi. «iPod» indi öndürilmese-de, bar bolan harytlaryň satuwy dowam eder.

1. Atajan Daýiýew agyr atletika boýunça ýuniorlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Bäsleşik Gresiýanyň Iraklion şäherinde geçirildi. Bäsleşigiň ahyrky gününde 109 kg we ondan ýokary agram derejede çykyş eden türkmenistanly türgen jemi 370 kg agramy göterdi (silterläp götermekde 208 kg we birbada götermekde 162 kg).


2. Futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrunda çempionatyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Altyn asyr» «Ahalyň» ikinji düzüminden 3:1 hasabynda üstün çykdy, «Aşgabadyň» we «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Iki tapgyrdan soňra ýaryşyň jemleri boýunça sanaw tagtasynda «Altyn asyr» öňdeligi saklaýar. Ýaryş 18-nji maýda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň