Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmaga girişdi

20:0811.05.2022
0
20686

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabr aýyna çenli uzaltmaga girişdi diýip, konsullygyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky 2300 belgili hem-de 2022-nji ýylyň 28-nji aprelindäki 77 belgili kararlaryna laýyklykda, Türkmenistana girmek we Türkmenistandan çykmak üçin 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan şäheri) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüztutmalary boýunça daşary ýurt pasportlarynda olaryň möhletiniň uzaldylýandygy barada bellik edýär.

Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň raýatlary ilki bilen aşakdaky resminamalary Baş konsullygyň tkm.genconsul.kazan@gmail.com elektron poçtasyna ibermelidir we hatyň mowzuk setirinde «Pasportyň möhletiniň uzaldylýandygyny ady, familiýasy we atasynyň ady bilen» hökmany görkezmelidir.

  1. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynyň salgysyna nusga laýyklykda arza;
  2. Microsoft Word formatynda doldurylan anketa. Anketada edil daşary ýurt pasportyndaky ýaly görmüşde ady we familiýany latyn harplary bilen görkezmeli;
  3. Daşary ýurt pasportynyň (Diňe suratly esasy sahypanyň) we Russiýanyň soňky wizasynyň nusgasy;
  4. Möhletine garamazdan Russiýa Federasiýasynda hasaba alnandygy baradaky resminamanyň nusgasy;
  5. 3x4 ölçegli elektron (JPG) we kagyz formatdaky 1 sany surat;
  6. Elektron konsullyk hasabyna kabul edilendigi baradaky elektron poçta gelip gowşan Tassyknama.

Türkmenistanyň Baş konsullygy ýokardaky resminamalary kabul edenden soň, raýatlara daşary ýurt pasportlarynyň uzaldylmagy baradaky belligi alyp bolýan wagtlary barada elektron poçta arkaly maglumat iberer.

Raýatlar Baş konsullyga baran mahallary degişli pasportyň asyl nusgasyny, göçürmesini, çap edilen arzasyny, anketasyny hem-de 3 × 4 ölçegdäki bir suratyny ýanlary bilen eltmelidir.

Daşary ýurt pasportlarynyň möhletiniň uzaldylýandygy baradaky bellik tölegsiz esasda bellenilýändir.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy şu salgyda ýerleşýär: Сибирский переулок köçesi, 6-njy jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň