Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» kompaniýasy «iPod touch» enjamlarynyň önümçiligini bes etdi

16:3511.05.2022
0
3510
«Apple» kompaniýasy «iPod touch» enjamlarynyň önümçiligini bes etdi
Surat: fine-news.ru

Uzak ýyllaryň dowamynda uly meşhurlyga eýe bolan «iPod touch» enjamlarynyň önümçiligi bes ediler. Bu barada «Apple» kompaniýasynyň resmi metbugat beýanatynda mälim boldy. Bu barada kompaniýanyň uly wise-prezidenti şeýle belledi:

«Aýdym hemişe «Apple-iň» aýrylmaz bölegi bolup geldi. «iPod» diňe bir aýdym industriýasyna täsirini ýetirmän, eýsem biziň aýdymlary gözlemegimiziň, diňlemegimiziň we olary paýlaşmagymyzyň esasyny döretdi».

Gazeta.ru saýtynyň habar berşi ýaly, «iPod» enjamlarynyň diňe häzirlikçe bar bolanlary satuwda bolar. Belläp geçsek, «iPod touch» enjamynyň ilkinji nesli 2007-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda köpçülige tanyşdyrylypdy. Häzirki wagtda bu enjamlaryň 7 sany nesli bolup, olaryň soňkysy 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda öndürildi. Onuň ozalkylardan tapawutly aýratynlygy hökmünde ornaşdyrylan brawzerini we sanly kamerasyny bellemek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň