Soňky habarlar

Arhiw

Şwarsenegger söýgüli gahrymanlary barada gürrüň berdi

23:1415.12.2021
0
1332

«Maňa kinoda janlandyran gahrymanlarymdan Terminatordan özgesini ileri tutmak kyn düşýär. Hut ol maňa Golliwudda meşhurlyk getirdi, bu film onsoňam meniň bedenimiň möhüm zat bolmadyk ilkinji filmidir» diýen aktýoryň sözlerini «AiF» saýty getirýär.

Aktýor filmde özüni jansyz ganhor-enjam hökmünde alyp barmagyň ýarandygyny, hatda robota has köp meňzemek üçin gözlerini gyrpmazlygy hem öwrenendigini gürrüň beripdir.

Şwarsenegger şeýle-de özüne surata düşen gülküli filmlerdäki keşpleriniň ýaraýandygyny nygtady. Ol «Ekizler» atly meşhur filmde janlandyran Juliusyň keşbiniň ýüregine ýakyndygyny, geljek ýyl kärdeşleri Denni de Wito we Treýsi Morgan bilen «Üçemler» komediýasynda bu keşpde höwes bilen çykyş etjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň