Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde açyldy

20:2027.09.2021
0
11678

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde «Altyn Asyr» marketing merkezi açyldy.

Dükanda dokma senagatynyň ähli marka önümleri diýen ýaly – Marynyň «Ýeniş» fabriginiň, «Bedew», «Bürgüt», «Gala» jinsi fabrikleriniň, Aşgabat dokma toplumynyň, Baýramalynyň «Мerw» fabriginiň önümleri bar.

Bir söz bilen aýdylanda, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň 65 müňinedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bu ýere gelýänlere gapylaryny giňden açdylar.

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen birnäçe desganyňjemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr. Bu toplumyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň