Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşar

23:5415.05.2020
0
12265

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arakaly nobatdaky mejlsinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan gurama Türkmenistanyň synçy hökmünde goşulmagy boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä söwda guramasy dünýä ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak, degişli halkara kadalaryny düzmek we olary ýerine ýetirmek boýunça işleri amala aşyrýan ýeke-täk ählumumy düzüm bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň iýulynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça hökümet topary döredildi.

Onuň mejlisleriniň jemlerinden, şeýle hem ady agzalan guramanyň wekilleri hem-de halkara bilermenleri bilen geňeşmeleriň netijelerinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy maksadalaýyk bolup durýar. Munuň özi ýurdy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyrmak we sazlaşykly ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna netijeli goşulmagynyň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň hem-de bazar gatnaşyklaryny, şeýle hem maýa goýum babatda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhüm şertidigini nygtady.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet toparynyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly teklibini makullamak bilen, degişli Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň