Aşgabatda Aralýaka ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamaga bagyşlanan köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi

23:5218.12.2019
0
3535

Şu gün Daşary işler ministrliginde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Bu duşuşyk Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2018-2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» hakynda kabul edilen Kararnamalaryna laýyklykda guraldy.

Geňeşmelere AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän beýleki halkara guramalaryň we daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem bu ugurlarda anyk çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem halkara guramalar we maliýe institutlary bilen birlikde, Aral deňziniň sebitinde we beýleki ýerlerde suw hojalyk, ekologiýa hem durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylyşyna seredildi.

Ýygnananlar duşuşygyň jemini jemläp, onuň netijeli bolandygyny bellediler hem-de bilermenler tarapyndan taýýarlanylyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we BMG-niň degişli düzümleriniň garamagyna berlen jemleýji resminamada aýdylan teklipleriň öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem AHHG-nyň tejribesiniň Ýer ýüzüniň beýleki sebitlerindäki şuňa meňzeş meseleleriň çözülmegi üçin peýdaly bolup biljekdigi nygtaldy. Geljekde hut Aral deňzi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy içerki suw göwrümleri boýunça BMG-niň köptaraply resminamalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup biler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň