«D» toparça: sanlar we maglumatlar

0
2009

Hawa, siziň hem pikir edişiňiz ýaly, bu blogymyz 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama ýaryşlarynyň «D» toparçasyndaky, ýagny Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çykyş edýän toparçasyndaky käbir ünsi çekäýjek sanlar we maglumatlar hakda bolar.

9 GOL: Toparçada geçirilen 4 duşuşykdan soňra derwezelere 9 pökgi girizildi.
ÝER EÝELERI ÜSTÜN: Şolaryň 5-sini ýer eýeleri, 4-sini myhmanlar geçirdi.
HER KIM ÝERLI-ÝERINDE: 4 duşuşykdan soň, gödek oýny üçin entek meýdandan kowlan oýunçy ýok.
EMINLERIŇ «SAHYLYGY»: 4 oýunda jemi 18 oýunça sary kart görkezildi.
INDIKIDE SERESAP BOLMALY: Häzire çenli Türkmenistanyň we Hindistanyň milli ýygyndylarynyň her birinden 6 oýunça sary kart görkezildi.
HER OÝUNDA BIRI: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Serdar Annaorazow we hindistanly Sehenaj Singh iki duşuşykda hem sary kart alan oýunçylardyr.
IŇ TÄSIN TOPARÇA: Beýleki toparçalarda garaşylýan netijeler alynýan hem bolsa, «D» toparçasy garaşylmadyk netijelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Futbol hünärmenlerini, esasan hem, ilat sany 200 müňe-de ýetmeýän Guamyň yzygider gazanan iki ýeňşi, toparçadaky liderligi hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Eýranyň toparynyň garşysyna görkezen mynasyp oýny haýran galdyrýar.
IŇ GOWUSY HINDISTAN: Elbetde, Hindistanyň ýygyndysynyň entek ýekeje-de utugy ýok. Ýygyndy toparçada iň soňky orunda barýar. Emma toparçada diňe hindistanly Sunil Chhetriniň 2 goly bar.
ÖZ OGLANLARYMYZ: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň begenjine-de, gynanjyna-da türkmenler sebäp. Geliň sanalyň: Guam – Türkmenistan 1:0 (Serdar Annaorazow (awtogol), Türkmenistan – Eýran 1:1 (Ruslan Mingazow (Türkmenistan), Serdar Azmun (eýranly türkmen)
ANNAORAZOW ÝEKETÄK: Serdar Annaorazow toparçadaky ýeketäk awtogolyň eýesidir.
ÝEKEJE PENALTI: Yzda galan 4 duşuşykdan soňra, ýekeje penaltiden geçirilen gol bar. Ol hem omanly Amad Al Hosnä degişlidir (Hindistan – Oman duşuşygynda)
«MYHMANSÖÝER»: Guam toparçadaky iki duşuşygy-da öz meýdanynda geçiren ýeketäk topar.
IŇ BIRINJI: Yzda galan 4 duşuşykda iň çalt geçirilen gol omanly Qasim Saide degişli. Ol Hindistan bilen bolan duşuşygyň 1-nji minudynda tapawutlandy.
IŇ SOŇKY: 4 duşuşykda derwezä iň giç girizilen gol hem hHindistanyň ýygyndysy bilen baglanyşykly. Ýöne bu gezek toparçanyň bombardiri Sunil Chhetri Hindistany jogapsyz utulmakdan halas etdi.
BEREKETLI BIRINJI ÝARYM: 4 duşuşykda derwezelere girizilen 9 goluň 7-si birinji ýarymda geçirildi.
ÝEKEJE ÄDIM: Toparçada ýeňiş bilen tamamlanan duşuşyklaryň üçüsi hem ýekeje gol tapawut bilen tamamlandy.
BIR AWTOGOLDAN TÄSIN MEŇZEŞLIKLER: Gürrüň Guam bilen bolan duşuşykda Serdar Annaorazowyň milli ýygyndymyzyň derwezesinden geçiren awtogoly barada.

  • 2014-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynyň ilkinji goly awtogoldy (Braziliýa, Marselo), 2018-nji ýylyň çempionatynyň bolsa Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygy awtogol bilen başlady.
  • Deňeşdirilýän iki awtogol hem goragçylara degişli.
  • Awtogollaryň eýesi Serdar Annaorazow hem, Marselo hem 12-lik belgili köýnekçede çykyş edýär.
  • Iki awtogol hem duşuşygyň 15-nji minudyna çenli geçirildi (Marselo – 11-nji minut, Serdar Annaorazow – 14-nji minut)
  • Ýekeje tapawut: Serdar sag, Marselo çep gyraky goragçy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar