Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagy howpsuz sürme

0
48827

Awtoulagyň rulynda bolan wagtyňyz siziň daş töweregiňizdäki ýol hereketine gatnaşyjylar özlerini hemişe biri-birine meňzeş alyp bararlar diýip umyt etmäň.  Ýolda hemişe hemmelerden öň boljak we bir hatardan başga hatara geçjek bolýan “iň akylly” tapylýar.  Elbetde, siz ony gören wagtyňyz has ünsli boljak bolup çalyşarsyňyz. Şeýle awtoulagyň rulynda tapawutly we bir betbagtçylygy başyndan geçiren sürüji hem bolup biler. Siz oňa ýönekeý ýol beriň we daş duruň.  

Howpsuz hereketiň kadalary

  1. Heläkçilik ýagdaýynda eger günäni başga biriniň üstüne atmak zerurlygy ýüze çyksa, onda adam özüni  howpy görmedik zyýan çeken edip görkezjek bolýar. Bu zatlara taýýar boluň. Köpçülekleýin ulagyň duralgasyna ýakynlaşanyňyzda, hemişe tizligiňizi peseldiň, kimdir bolsa biri (has-da çagalar) öňde duran ulagyň öňünden ýoly ylgap geçmeginiň mümkindigine taýýar boluň.
  2. Pyýadalaryň geçelgesine ýakynlaşanyňyzda öňünden tizligi peseldiň we ýoly geçip barýan pyýadany göreniňizde saklanyň. Birden durmaň sebäbi yzyňyzdan gelýän sürüji ony bilmän siziň ulagyňyzyň göwresine kürsäp urar. Siziň yzyňyzdan gelýän sürüjiniň siziň ulagy saklajak bolýandygyňyzy görendigine göz ýetiriň. Onuň üçin siz birnäçe gezek arasyny üzüp tormoza basyp bilersiňiz, bu ýagdaýda awtoulag stop (dur) duýduryşlary bilen ünsi çeker.  
  3. Ýolda çepe tarap yza öwrüm ýa-da öwrüm üçin çyzyga dursaňyz, onda ruly öňünden çepe öwürmäň, aýagyňyzy bu ýagdaýda tormozda saklaň sebäbi siziň yzyňyzdan gelip urmazjakdyklaryna hiç kim kepil geçip bilmez. Iň bolman yzyňyzdan bolan kiçijik itergi hem sizi garşydaş hereketiniň çyzygyna çykaryp biler.
  4. Herekete başlamakdan öň çep aýna hökman serediň, garşydaş çyzykda siziň özüňize başga awtoulagyň çykjak bolýandygy mümkin.

Howpsuz sürmegiň tehnikasy

  • Awtoulagy tizleşdirmek mümkinçiligi köplenç sürüjä howply ýagdaýlarda ýuwaşatmadan köp kömek edýär. Hut tizleşme yzdan, iki gyrakky tarapdan we keseligine öňünden gelýän howpsuzlyklary ýoldan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
  • Tormoz diňe bökdençlik awtoulagyň öňünde duş gelip we sürüjä öwürmäge ýer bolmadyk ýagdaýynda kömek edip biler.
  • “Gazy” dolandyrmak syrgynlarda we olaryň öňüni almakda awtoulagy durnukly saklamak üçin örän wajypdyr.
  • Örän uly awtoulaglar nähili täsin bolsa-da has howpsuz bolup durýarlar.  Sebäbi uly ulagda gidip barýan akyma girmek, kowup geçmekde we howpsuz ýagdaýdan çykmakda ýeňil bolýar.
  • Ýöregiň we tigirleriň baglanşygy biri birinden aýyrlan wagtynda sürüji awtoulaga täsir edýän leňňerleriň birini ýitirýär. Ol öwrüp, tormoz saklap biler ýöne tizleşip bilmez. Ýatda saklaň, ökde sürüji üçin “bitaraplykda” hereket etmek diýen zat ýok!
  • Tormoz bermeden soň güýçli depginli gaty sürmegiň gerek bolmagy mümkin. Mysal üçin haçan-da sürüji gyzyl reňkli swetoforly çatryga golaýlanda, ol hut golaýlamaly, ol dazlap ýa-da ýokary hereket geçirijide has kiçi aýlawda hereket etmeli däl.  Islän wagty ol “pallap galan” sürüjiniň awtoulagynyň tormozlarynyň ýiti sesini eşdip biler. Dogry saýlanan hereket geçirijide bolan wagtyňyz Siz “gaz” pedaline basyp iki sany awtoulagy halas dip bilersiňiz.  
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar