Türkmen pälwanlary Marokkonyň Kasablanka şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda dört medala mynasyp boldular

0
666
23
4

Türkmen türgenleri Marokkonyň Kasablanka şäherinde sport we söweş sambosy boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üsti ýene-de dört bürünç medal bilen ýetirildi.

Bu ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan ýüzlerçe türgenler gatnaşdylar. Türkmenistanlylar sambonyň iki görnüşinde-de tapawutlanmagy başardylar.  

Sambonyň sport görnüşinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Arzuw Ýalkabowa (48 kilograma çenli agram derejede) hem-de Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Tejen Tejenow (82 kilograma çenli agram derejede) hormat münberine galdylar.

Sambo göreşiniň söweş görnüşinde bolsa ýygyndymyzyň düzüminde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Ahmet Taňryberdiýew (57 kilograma çenli agram derejede) hem-de  Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Abdylla Babaýew (68 kilograma çenli agram derejede) baýrakly orunlara mynasyp boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru