Şu gün Olimpiýa şäherjiginde iki myhmanhana açyldy

0
689
2
0

Şu gün Aşgabadyň günorta böleginde on gatly myhmanhanalaryň ikisiniň açylyş dabarasy boldy. Olarda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde ýokary mertebeli myhmanlar, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, sport federasiýalarynyň wekilleri we žurnalistler bolarlar.

Dabaralara Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) bu guramanyň prezidenti Ahmad Fahad Al Sabahyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri gatnaşdylar. Olar türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldiler. Ol şu gün açylan myhmanhanalaryň biriniň zalynda geçiriler.

450 we 800 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi hem milli äheňde bolup, myhmanlara türkmen myhmansöýerligini duýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde Aziada — 2017-ä gatnaşyjylaryň oňaýly şertlerde ýaşamagy üçin ähli zat göz öňünde tutulypdyr. Duşuşyklar we maslahatlar, resmi kabul edişlikler we banketler, şeýle hem sport-sagaldyş SPA merkezleri, kafeler we restoranlar olaryň hyzmatynda bolar.

Ýokary mertebeli myhmanlary kabul etmek we hyzmatlar ulgamyny hödürlemek üçin hem ähli şertler döredilipdir. Häzirki zaman naýbaşy metbugat-merkezi hem şol ýerde ýerleşýär. Bu ýerden Aziada — 2017-den göni ýaýlymda tele we radio teswirlemeleri alnyp barlar. Şeýle hem internet neşirleriniň žurnalistlerine we metbugat wekillerine, fotohabarçylara ähli şertler döredilipdir.

“Sport” we “Olimpiýa” myhmanhanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar Türkmenportala beren interwýularynda özlerinde galan täsirleri paýlaşdylar, olary şu gün saýtda okap bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru