Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň 1061 raýatynyň, şeýle hem 10 daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi

02:4214.07.2015
0
13076

13-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere, şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewi we ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerini çagyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekillerinden düzülen toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi we “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky”  Permanyň hem-de “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Şu gün halkymyz mübärek Oraza aýynyň Gadyr gijesini uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar we bu mukaddes gije agyzaçar sadakalaryny berýär    diýip, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlendi .

Biz her ýyl beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günälerini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly  sahawatly çäreleri yzygiderli geçirýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz şol asylly däbimize eýerip, iş kesilen 1061 raýatymyzyň hem-de daşary ýurtly 10 raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günälerini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň Oraza baýramyna çenli öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz şeýle sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýakyndan gatnaşmaga mümkinçilik döredýäris.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň