Lukmanyň maslahaty: Günden nädip goranmaly?

15:2410.07.2015
0
18015

Ýer ýüzünde Günsüz ýaşaýşyň bolmaýandygyndan biz çagalygymyzdan bäri habarly bolsak gerek. Güneşli gün keýpiň çag bolup adamlaryň özüni duýşy oňatlaşýar, işjeňlik artýar, bedendäki madda çalşygy ýokarlanýar. Gyşyň surnukdyryjy sowugyndan soň tomsuň jana ýakymly ýylysy her kimiň göwnünden tursa gerek.

Alymlaryň barlaglarynyň netijesine görä Gün şöhlesiniň gyzgynlygy ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Onuň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp gezelenç etmek bolsa adam bedenine düzedip bolmajak zyýan ýetirip biler.

Gün bilen baglanyşykly iň bir ýaýran kynçylyklaryň biri hem bedeniň Güne ýanmasydyr. Häzirki döwürde bolsa diňe bir bedeniň üstki deri örtügini Güne ýakmak bilen çäklenmän, eýsem gözleriň hem şikes almak mümkinçiligi ýokarydyr.

Şeýle-de Gün urmak howpy tomsuna has ýokarlanýar. Şonuň üçin hem lukmanlar her bir adamynyň gündiz sagat 12:00-dan 15:00 aralygynda Gün aşagynda gezelenç etmezligi maslahat berýärler.

Lukmanlaryň berýän maslahatlaryna görä, açyk howada gezelenç edilende, Gün urmadan goranmak üçin ak-açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap, tahýa geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek maslahat berilýär, şeýle-de göreji goramak üçin Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly.

Gün urmanyň alamatlary:

Gyzgynyň ýokarlanmagy, bedeniň deri örtüginiň gyzarmagy, ýüregiň çalt urmagy, kellagyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, huşuñy ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryñ şañlamasy.

Gün uran mahaly ilkinji kömek bermek

Ejir çekeni kölegeli, salkyn ýere geçirip, kellesini biraz ýokary galdyryp, tekiz ýerde ýatyrmaly. Bedeniñ depesinden dabanyna çenli sowuk suwa öllenen elsüpürgiç bilen süpürmeli. Mañlaýyna, ýüreginiñ üstüne sowuk suwa öllenen esgi goýmaly. Ejir çekene köp suwuklyk içirmeklik maslahat berilýär. Elbetde, bar bolsa, korwalol damjasyny içirmek, naşatyr spirtini ysgatmak bolar. Dem almasynyñ bozulmasynda tizden-tiz emeli dem bermekligi başarmaly. Näsagy ýatan ýagdaýynda haýal etmän, hassahana alyp gitmeli.

Dogry iýmitlenmek

Adatça howanyň gyzyp ugramagy bilen biz köp mukdarda suw içýäris. Ýöne köplenç ýagdaýda biziň içýän suwlarymyz gazlandyrylan süýji suwlar ýa-da şireli suwlar bolup durýar. Olar hem düzüminde köp mukdarda uglewodlary saklaýarlar. Muňa derek tomsuna biz gazlandyrylan suwlara hem-de şireli suwlara derek arassa agyz suwuny, şeýle-de iýmit önümlerinde ýagly et önümlerinden gaça durup balyk we ş.m. önümlerini ulanmak peýdaly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň