Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilýär

13:0713.02.2023
0
34380

2023-nji ýy­lyň 15 — 17-nji few­ra­lyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ykdysady sergisi ge­çi­ril­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Ser­gi­niň iş wag­ty: 15-nji few­ralda sa­gat 10:00-dan 18:00-a çen­li; 16-njy fewralda sagat 10:00-dan 18:00-a çen­li; 17-nji few­ralda sa­gat 10:00-dan 15:00-a çen­li.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-84-(83)-(82)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň