Amangylyç Koçumow: “Ýeňlişlerden netije çykarmak — gelejekki ýeňişleriň girewi”

0
1059
48
0

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň çäklerinde şu gün Eýranyň toparyna garşy Daşoguzda geçirilmeli duşuşygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow Türkmenportal saýtyna beýanat etdi.

—Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginiň ikinji duşuşygynda Guamdan 0:1 hasabynda ýeňilmagiňiziň sebäbi nämede?

—Biz Guama aşmak üçin uzak, tas üç günlük ýol geçmeli bolduk. 9-njy iýunda günüň birinji ýarymynda Aşgabatdan uçduk we oýnuň bolmaly güni — 11-nji iýunda daňdan 5-de barmaly nokada ýetdik. 16.15-de hem duşuşyk başlandy. Oglanlaryň meýdana birhili ýadow çykandyklary duýuldy.

Ikinjiden, biziň ýygyndymyz doly derejeli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçip bilmedi. Bu duşuşygyň ilkinji minutlaryndan bildirdi, birek-birege düşünişmek, sazlaşykly oýun ýokdy. Nireden bolsun, ýygyndy bir ýyllap diýen ýaly toplanmady ahyryn. Bu biziň şu ýylda geçirýän ilkinji, özem resmi duşuşygymyzdy. Ilkinji ýarymyň ilkinji çärýegini gowuşgynsyz geçirdik. Ýöne soňra oýny öz elimize aldyk. Hasaby deňlemäg-ä däl, ýeňmäge-de mümkinçiligimiz boldy.

—Näme päsgel berdi?

—Amatly pursatlardan ýerlikli peýdalanyp bilmezligimiz we birneme edenimiziň ugruna bolmazlygy. Biz Guamyň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlaryň 5-sini döretdik, ýöne hiç birinden ýerlikli peýdalanyp bilmedik. Ýöne häzirki döwürde futbol oýnamagy hemmeleriň öwrenendigini-de aradan aýyrmak bolmaz. 15 ýyllap asla oýnap bilmedik Guamyň topary-da ussatlaryny mazalyja artdyrypdyr. Toparda ABŞ-nyň raýatlary oýnaýarlar. Olaryň 4-si birgiden dünýä ýyldyzlary çykyş edýän Amerikanyň MLS ligasynyň, 3-si Ýewropa çempionatlarynyň galanlary bolsa ABŞ-nyň talyplar ligasynyň wekilleridir. Muňa garamazdan, biziň oglanlarymyz hem olardan peslär ýaly dällir. Eger biz oýna 2-3 gün öňünden baran bolsak, ynanaýyň, netije düýbünden başgaça bolardy.

—Eger giden bolsalar, legionerler toparymyzy güýçlendirip bilermidiler?

—Elbetde, güýçlendirerdiler. Olar biziňkiden derejesi has ýokary çempionatlarda oýnaýarlar, halkara oýunlarynyň tejribesem ýetik. Ruslan Mingazow şu möwsümde Çehiýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Artur Geworkýan geçen ýyl Özbegistanyň çempionatynda iň kňp pökgi geçiren oýunçy boldy. Ol Garşynyň “Nasafynyň” düzüminde Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş edýär, özem oňat oýnaýar, pökgülerem geçirýär. Bizde ýene-de “Almalykdan” Arslanmyrat Amanow, “Rostowdan” Wahyt Orazsähedow bar. Biz olaryň topar bilen gitmegi üçin elimizde baryny etdik. Ýöne dürli sebäplere görä olar Guama garşy geçirilen oýna bilmediler.

—Näme üçin?

—Düşündiriş berip biljek däl, bu mesele bilen men meşgullanmadym. Meniň işim — futbolçyny okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrmak, ýogsa ýygnanyşygymyz hem başa barmady. Muňa garamazdan, men duşuşykdan soň, egin-eşik çalşylýan otaga baryp, oglanlar oýna berlişlerine nägileligimiň ýokdugyny aýtdym. Biz oýnuň gidişini gözegçilikde sakladyk, pökgä 67 göterim erk etdik, döreden amatly pursatlarymyz hem köp boldy. Geçirden pökgimiz bolsa, tötänlik sebäpli ýüze çykdy. Ol pökgi gyradan oýna girizilende bolup geçdi. Birinji ýarymda güýçli şemala garşy oýnamaly bolduk. Oklanan pökgi ýere degip, garaşylmadyk ýagdaýda hereketini güýçlendirdi. Biziň goragçymyzyň çalaja kellesine degibem derwezä girdi.

Şondan soň oglanlarymyz ykjamlaşyp, howply hüjümleriň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň birinde Ahmet Ataýewiň 11-12 metr aralykdan uran pökgüsi Guamyň derwezeçisi “dok uzaklykdan” çykarmagy başardy. Belläp geçsek, ýer eýeleriniň derwezeçisi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip bellenildi.

Öz ýygyndymyza eýeçilik gözi bilen garamaly. Bu Eýranyň toparynyň mysalynda görünýär. Bu ýygyndy duşuşyga öz aşpezleri, öz önümleri we öz suwlary bilen gatnaşýar. Özem olar duşuşyga ykjam taýýarlanmak üçin Daşoguza irgözinden geldiler. Guamyň ýygyndysy baradaky gürrüňe dolansak, bu topar hem ýylyň başyndan bäri halkara duşuşyklarynyň 18-sini geçirdi. Biz bolsa geçen ýyl şowsuz çykyş edilen, Maldiw adalarynda bolup geçen AFK-nyň Çagyryş Kubogyndan soň bir duşuşyk hem geçirmedik. Şonuň üçin biz Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegine taýýarlyksyz girişmeli bolduk. Şeýle bolansoň, tälimçileriň haýsydyr birini günäkärlemek ýa-da bize nägilelik bildirmek, meniň pikirimçe, ýalňyşmyka diýýän.

—Eýranyň ýygyndysy bilen boljak duşuşygyň öň ýanynda topar nähili funksional ýagdaýda?  

—Öwerlig-ä däl. Biz Guamda bary-ýogy 10 sagat bolduk. Ýöne ol ýere baryp gaýtmak üçin 110 sagat sarp etdik. Tas 5 gün ýolda geçirmeli bolduk. Munuň özi islendik adama-da öte surnukdyryjy bolup görner. Häzir biziň öňümizde durýan ilkinji wezipe oglanlar Eýrana garşy duşuşykda meýdanda kadaly funksional ýagdaýda bolar ýaly, dikeldiş işlerini geçirmeli.

—Siziň ýaryşy geçiş tertipnamasynyň düzülişinden nägileligiňiz barmy?

—Gep onda däl. Dörtýyllygyň esasy ýaryşyna — Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegine öňünden maksadalaýyk taýýarlyk görmelidik.

...Şondan soňra Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow duşuşykdan öňki metbugat maslahatynda eýranly habarçylaryň sowallaryna jogap berdi.

—Siziň toparyňyzda özbek ligasynda çykyş edýän oýunçylaryň bardygyny bilýäris. Ýöne bizde gapma-garşylykly habarlar hem bar: futbolçylaryň käbiriniň milli ýygyndyda oýnasy gelýär, käbiri bolsa muny islänok. Ýagdaýy aýyl-saýyl edäýseňiz: bu akykatdan-da şeýlemi?

—Biziň oýunçylarymyzyň älisi milli ýygyndyda oýnasy gelýär. Birinjiden-ä, bu örän hormatly hem abraýly. Ikinjiden bolsa, olar dürli sebäplere görä, Guam bilen bolan oýunda bize kömek edip bilmediler.

—Eýranyň ýygyndysyna garşy boljak duşuşyk siziň toparyňyz üçin nähili ähmiýete eýe?

—Eýranyň ýygyndysyna garşy geçirjek duşuşygymyz bize gymmatly tejribe berer. 8 ýyl mundan ozal biz Aziýanyň öňdebaryjy toparlarynyň biriniň — Günorta Koreýanyň garşysyna oýnapdyk. Eýranyň ýygyndysy bilen boljak oýun hem bize öz oýunçylarymyzy barlap görmäge, şeýle-de, gymmatly halkara tejribesini toplamaga ýardam berer. Biz bu duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

—Duşuşygyň Aşgabatdan Daşoguza geçirilmeginiň sebäbi nämede? Demirgazyk welaýatynyň merkezine garanyňda türkmen paýtagtynda has köp tomaşaçy ýygnanardy ahyryn.

—Bilşimiz ýaly, biziň ýurdumyz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Şonuň üçinem paýtagtda häzir häzirki zaman sport desgalarynyň gurluşygy, şeýle hem bar bolanlarynda abatlaýyş işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Duşuşyk şol sebäpli Daşoguza geçirildi. Ynanaýyň, bu Eýranyň ýygyndysy üçin nähilidir bir oňaýsyzlyk döretmek üçin edilmedi. Türkmenistanyň ýygyndysy hem bu ýerde ilkinji gezek öz oýnuny geçirýär. Şonuň üçin toparlaryň ikisi-de deň şertlerde. Daşoguzda ajaýyp stadion we myhmanhana bar. Meniň pikirimçe, oýna taýýarlanmak üçin hiç hili päsgelçilik ýok. Biziň üçinem, myhmanlar üçinem amatly şertleri döreden ýer eýelerine sagbolsun aýdýaryn.

—FIFA-nyň reýtinginde garşydaşlaryň hersi bir tarapda ýerleşýär. Eýranyň ýygyndysy 41-nji orunda barsa, türkmen futbolçylary 173-nji ýerde ýerleşýär. Şundan ugur alyp, siz garşydaşdan howatyrlanýarsyňyzmy ýa-da çekinýärsiňizmi?

—Biz Eýranyň ýygyndysyndan çekinemzok. Bir gowy aýtgy bar: ýeňişlerden netije çykarmak — gelejekki ýeňişleriň girewi.

—Eýranyň ýygyndysyna garşy boljak duşuşyga toparyň taýýarlygy nähili?

—Biz oýna diýseň jogapkärli taýýarlanýas. Eýranyň ýygyndysynyň güýçli garşydaşdygyny bilýäs. Alla jan bize kömek eder diýip umyt edýäs.          

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru