Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň zolak ýaryşynyň ýeňijisi boldular

0
925
20
0

Türkmen woleýbolçylary öz taryhynda ilkinji gezek halkara üstünligine eýe boldular. Olar Bangladeşiň paýtagty Dakkada geçirilen Aziýa çempionatynyň zolak ýaryşynyň (Merkezi zolak) ýeňijisi boldular — diýip, The Daily Star daşary ýurt neşiri habar berýär.

 Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Merkezi zolaga ýurtlaryň ýedisinden—Türkmenistandan, Nepaldan, Bangladeşden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we Maldiw Respublikasyndan toparlar wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşyjylar iki toparça bölündi. Türkmen woleýbolçylary Özbegistanyň we Owganystanyň ýygyndylary bilen bir toparda çykyş etdi. Şonda birmeňzeş 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdylar hem-de Nepalyň woleýbolçylary bilen duşuşdylar.

Bu oýunda türkmenistanlylar 0:3 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar.

Jemleýji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Maldiw adasynyň türgenleri bilen güýç synanyşdy.

Duşuşygyň birinji we ikinji ýarymlarynda türkmenistanlylar garşydaşlarynyň çalasyn hüjüminiň garşysyna alaç tapyp, olaryň goranyşyny böwüsmegi başarmadylar. Muňa garamazdan, tälimçi Gammarguly Ataýewiň şägirtleri ruhdan düşmediler. Olar ilki hasaby deňlediler — 2:2, soňra bolsa jemleýji setde 15:13 hasabynda ýeňiş gazandylar.

—Maldiwler ilkinji iki setde oňat oýnadylar, ýöne soňra biziň tälimçimiz garşydaş toparyň 9-njy belgili oýunçysyna (Sajid ismail) ýygy-ýygydan böwet goýmagy tabşyrdy. Şondan soň, biz depgini güýçlendirip başladyk — diýip, biziň toparymyzyň oýunçysy Usmanbek Kalandarow duşuşyk tamamlanansoň, The Daily Star agentligine beren beýanatynda aýtdy. — Men öz toparymyzyň üstünligine diýseň şat we Bangladeşiň hoşniýetli adamlaryna minnetdarlyk bildiresim gelýär, olar ýaryşyň başlan pursadyndan bizi goldadylar.ýygyndy toparymyzyň tälimçileriniň pikirine görä, Bangladeşdäki bäsleşigiň öňüsyrasynda guralan halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen woleýbolçylaryna Aziýa çempionatynyň zolak ýaryşynda ýeňiş gazanmagyna uly ýardam etdi. Ony geçirmek üçin Belarus Respublikasynyň paýtagtyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen taýýarlyk görülýän “Staýka” Olimpiýa merkezi saýlanyp alyndy. Şu sport  toplumy hem biziň woleýbolçylarymyzyň Aziýa çempionatynyň final tapgyryna taýýarlyk görjek ýeri bolar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru