«Şagadam» çempiony ilkinji ýeňlişine sezewar edip, ýaryş tertibinde öňe saýlandy

0
797
0
0

Türkmenistanyň futbol boýunça häzirki çempiony «Altyn asyr» on oýunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdi. Milli çempionatyň 12-nji tapgyrynda Aragatnaşyk ministrliginiň topary öz meýdanynda Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» asgyn gelip (1:2), möwsümde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.

Duşuşykda pökgüleriň ählisi birinji ýarymda geçirildi. 23-nji minutda Tirkiş Muhammetberdiýew «Şagadamy» öňe çykardy — 0:1. Aradan 2 minut geçip-geçmän Süleýman Muhadow hasaby deňledi — 1:1. Bu onuň şu çempionatdaky 11-nji pökgüsidir. 34-nji minutda «Şagadamyň» iň netijeli hüjümçisi Hemra Amanmämmedow öz toparyny öňe çykardy.

Oýunň tamamlanmagyna iki minut galanda ýer eýelerine hasaby deňlemäge mümkinçilik döredi. Ýöne Kazanyň «Rubininiň» ýaşlar toparynyň öňki hüjümçisi Selim Nurmyradow 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Ýeri gelende bellesek, «Şagadam» ikinji ýarymyň deň ýaryny diýen ýaly azlykda geçirdi, 69-njy minutda ikinji sary petek görkezilen Azat Garajaýew oýundan çykaryldy. Netijede tälimçi Amanmyrat Meredowyň topary mynasyp ýeňiş gazandy — 1:2.

«Altyn asyr» eýýäm ikinji gezek «Şagadamy» ýeňip bilenok. Bu garşydaşlaryň Türkmenbaşyda geçirilen birinji aýlawdaky duşuşygy deňlikde tamamlandy — 0:0.

«Hazyna» bilen «Ahalyň» arasynda bolmaly duşuşyga ýer eýeleri gelmediler. Şunlukda, «Hazyna» tehniki ýeňliş yglan edildi.

Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry 22-nji maýda HTTU — «Energetik» duşuşygy bilen açylar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Altyn asyr» – «Şagadam» – 1:2 (1:2)

20-nji maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Süleýman Muhadow 25 – Tirkiş Muhammetberdiýew 23, Hemra Amanmämmedow 34.

Geçirilmedik 1 metrlik urgy: Selim Nurmyradow (“Altyn asyr”) 43 (sütüne).

Duýduryş alanlar: Ahmet Ataýew 62, Selim Nurmyradow 75, Bagtyýar Hojaahmedow 89 – Azat Garajaýew 28, Gahrymanberdi Çoňkaýew 89.

Oýundan çykarylan: Azat Garajaýew (“Şagadam”) 69 (2 sary petek).

Emin: Ruslan Ereşow.

Gözegçi emin: Wadim Baratow.

Bellik: «Şagadam» ýaryş tertibinde «Altyn asyrdan» özara duşuşyklaryndaky netijeler hasaba alnyp öňde dur

 

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew («Balkan») – 14 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow («Altyn asyr») – 11.

Hemra Amanmämmedow («Şagadam») – 10 (4).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru