Maksat Atabaýew küşt boýunça ýene-de Türkmenistanyň çempiony boldy

0
705
1
1

Milli ýokary liga girýän erkekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty iň ýaş türkmen grossmeýsteri, 20 ýaşly aşgabatly küştçi Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň wekili ýaryşyň barşynda bir gezek hem utulman, mümkin bolan 15 utukdan 11,5 utuk toplady. Ol 10 gezek ýeňiş gazandy we 5 duşuşygyny deňme-deň tamamlady.

Kümüş medala bolsa ýeňijiniň özünden kiçi dogany, 15 ýaşly, FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy. Ol Maksatdan bary-ýogy 1 utuk az toplady. Üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň toparynyň wekili, FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow eýeledi.

Bu altyn medal M.Atabaýewiň milli birinjilikde gazanan altyn medallarynyň dördünjisidir. Özi-de, 2011-nji ýylda gazanylan ilkinji altyn medal Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň we grossmeýster Orazly Annageldiýewiň şägirdine şeýle üstünlige 15 ýaşda eýe bolan ýurdumyzyň iň ýaş küştçüsi 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru