Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň öňki garşydaşlary ýene-de uly hasap bilen ýeňildiler

11:1517.01.2015
0
2596

Aşgabat, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Awstraliýada dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2015-de AFK-nyň Çagyryş Kubogy — 2012-de türkmen futbolçylarynyň garşydaşy bolan Palestinanyň ýygyndysy ikinji gezek uly hasap bilen ýeňildi. Birinji tapgyrda Ýaponiýanyň toparyndan 0:4 hasabynda utulan palestinalylar, ikinji tapgyrda 1:5 hasabynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn gelip, çärýek finala çykmak umydyndan el üzdüler.

Bu duşuşykda ilkinji poker hasaba alyndy. Ol — iordaniýaly hüjümçi Hamza Al-Daradreha degişli. Bu oýunçy oýnuň 34, 45+2, 75 we 79-njy minutlarda tapawutlanmagy başardy. Ýene bir pökgini 32-nji minutda Ýusef Ahmad Mohammad geçirdi. Palestinalylaryň ýeke-täk jogap pökgüsini Jaka Hbaýşa (84-nji minut) öz adyna ýazdyrdy.

Beýleki oýunda Ýaponiýanyň ýygyndysy 23-nji minutda Keýsuke Hondanyň dürs urgusyndan soň, 1:0 hasabynda Yragyň toparyny ýeňip, “D” toparçasynda öňdäki orna geçdi. Iordaniýanyň we Yragyň ýygyndylarynyň hersiniň 3 utugy bar. Bu toparçadaky ýarym finalçylar Yrak — Palestina, Ýaponiýa — Iordaniýa duşuşyklaryndan soň belli bolar.

Ýaryşyň ilkinji sekiz gününde häli-häzire çenli ýekeje-de deňlik hasaba alynmady. 16 duşuşykda 44 pökgi (ortaça her oýunda 2,75) geçirildi. Eminler 51 sary petek (ortaça her oýunda 3,19) we 3 gyzyl petek (ortaça her oýunda 0,19) görkezdiler.

Suratda: Aziýanyň Kubogy — 2015-de ilkinji bolup bir oýunda 4 pökgi (poker) geçiren Hamza Al-Daradreh.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň