Türkmenistan 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNISEF-den waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn alar

22:3302.10.2020
0
16891

Türkmenistanda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine 2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň” çäklerinde 2021-2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň