Soňky habarlar

Arhiw

Nasser Nassiri: “Türkmen kikboksingçileri ýeňişleri bilen haýran galdyrýar”

22:4226.04.2017
0
1053

Kikboksingiň taryhy başa-baş göreşiň käbir görnüşleri ýaly asyrlaryň çuňlugyna uzamaýan hem bolsa (kikboksing 1960-njy ýylda özbaşdak sport görnüşi hökmünde ykrar edilýär), ol bu gün bütin Ýer ýüzünde meşhur görnüşleriň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, başa-baş göreşiň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Şu gün bolsa paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda kikboksing boýunça halkara ýaryşa — Aziýa çempionatyna badalga berildi. Yklym ýaryşynyň açylyş dabarasyndan soň, onuň hormatly myhmanlarynyň biri — Aziýanyň Kikboksing konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiri bilen söhbetdeş bolduk. Biz myhmandan, ilki bilen, kikboksing boýunça yklym konfederasiýasy we onuň alyp barýan işleri barada gürrüň bermegini haýyş etdik:

— Aziýanyň Kikboksing konfederasiýasy 1996-njy ýylda döredildi. Onuň merkezi edarasy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda yklymyň döwletleriniň 20-den gowragy bu konfederasiýa agzadyr. Türkmenistan hem biziň işjeň agzalarymyzyň biri. Konfederasiýa yklym ýaryşlaryny, şeýle hem Aziýa oýunlarynyň çäklerinde kikboksing boýunça ýaryşlary guramaga, türgenleri goldamaga gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, kikboksing Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Aziada — 2017-niň kikboksing ýaryşlary boýunça biz Türkmenistan bilen 2010-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýäris. Aşgabat Aziadasynyň kikboksing ýaryşlaryna yklymyň 30-a golaý döwletinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Elbetde, yklym ýaryşlaryny, şol sanda Aziadalary geçirmek aňsat iş däl, ýöne Türkmenistan babatynda aýdylanda, ýaýdanara hiç hili esas ýok. Aşgabada şu gezekki saparymyzyň dowamynda şäheriň Aziýa oýunlaryny kabul etmäge doly taýýardygyna göz ýetirdik. Biz häzirki dowam edýän Aziýa çempionatynyň guramaçylygyna hem ýokary baha berýäris.

Bu gezekki çempionata yklymyň 20-ä golaý döwletiniň türgenleri gatnaşýar. Ýaryş türkmen türgenleri üçin hem uly synag mekdebi bolar. Halkara derejesinde alanymyzda, türkmenistanly türgenler gazanýan üstünlikleri bilen haýran galdyrýar. Mundan dört ýyl ozal Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda hem türkmenistanly türgeniň kikboksing boýunça gazanan ajaýyp ýeňşi hemmämiziň ýadymyzda. Türkmen türgenleri şu ýaryşda we Aziada — 2017-de hem medallara esasy dalaşgärleriň hatarynda. Ýöne bu gezekki ýaryşa Aziýanyň iň güýçli türgenleriniň gatnaşýandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Bu bolsa ýaryşyň juda gyzykly geçjekdigini öňünden buşlaýar diýip bileris. Kim bilýär, belki, ýaryş kikboksingiň aziýaly täze ýyldyzlaryny ýüze çykaryp biler. Biz bu gezekki çempionatyň taryhdaky iň gowy Aziýa çempionatlarynyň biri boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Munuň özi tutuş yklymyň kikboksing hünärmenleriniň Aşgabat Aziadasynda örän ajaýyp kikboksing ýaryşynyň geçiriljekdigine ynamyny artdyrar. Şeýle ýokary derejeli ýaryşa geçirmäge ýakyndan beren ýardamy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygymyzy bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň