Soňky habarlar

Arhiw

Nädip Gurban Berdiýew Moskwanyň klublaryny eleýar

17:2323.04.2017
0
5729

Russiýanyň iň abraýly sport portallaryň biri bolan sports.ru -  "Как Бердыев мочит московские клубы" diýen sözbaşy bilen awtor "Андрей Пономарев" Rostow - Moskwanyň Spartagyny 3:0 ýeňeninden soňra Berdiýew bilen bagly statistikalary öz okyjylaryna ýetirdi.

TOP-klublar gorkuň.

Moskwanyň klublary 2015-nji ýylyň 8-nji martyndan bäri Russiýanyň premýer-ligasynyň çäklerinde Rostowda ýeňiş gazanyp bilenoklar. Şu wagta çenli moskwaly klublar Rostowda bary-ýogy 2 oçkony gazanmagy başardylar.

Gurban Bekiýewiç Berdiýewiň tälimçilik ýolunda ýokardaky ýaly taryhy wakalar bolupmydy?

Boldy — ondada nähili. Berdiýewiň "Rubini" birinji ligadan premýer-liga çykanyndan soň, moskwaly klublara Kazanda 4 ýyllap ýeňiş gazanmak başartmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň