Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şeýle hem öňde duran gatnaşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns berildi.
Köptaraplaýyn meýdançalaryň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) we Hazarýaka döwletleriň formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle-de ministrler iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli biri-birlerine gutlaglaryny beýan etdiler diýlip, habarda bellenilýär.