Turkmenportal logo
Düýn 12:04
72777277
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Soňky ýyldaky iň uly asman daşy 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan geçer

Soňky bir ýyldaky iň uly asman daşy (asteroid) 14-nji fewralda Ýeriň ýakynyndan uçup geçer. Bu barada Russiýanyň YA-nyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň alymlary habar berdiler.

162882 belgili asman daşynyň tas bir kilometr göwrümi bar. Ol planetamyzdan birnäçe million kilometr uzaklykda ýerleşýär, şonuň üçin asman daşy howp salmaýar. Onuň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy nola deň diýip, alymlar düşündirdiler.

Asman daşy soňky bir ýylda Ýerden 7,5 million kilometr radiusda uçup geçen asteroidleriň iň ulusydyr diýip, «Lenta.ru» habar berdi.