11-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň yzygider esasdaky ösüşini tassykladylar. Şeýle hem «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşiniň çäklerinde we halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar.
Ulag, energetika, «ýaşyl» özgerilişik, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanma beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Şeýle hem şol gün A.Gurbanow Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Berlinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri bilen geçiren bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.
Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýanyň Bundestagynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, parlament dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şeýle hem iki ýurduň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.