Turkmenportal logo
Düýn 10:49
1027510275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş boýunça halkara okuw maslahatlary başlandy

10-njy fewralda «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kämilleşdiriş maksatnamasy boýunça ýurduň pedagogik işgärleri üçin usuly-amaly okuwlar başlandy. Okuwlar ÝUNESKO-nyň Bilimde informasion tehnologiýalar boýunça institutynyň, Moskwanyň döwlet pedagogik uniwersitetiniň bilimde şahsyýetiň mümkinçilikleriniň ösüşi laboratoriýasynyň, Russiýa Federasiýasyndan «Gelejege goşant» atly haýyr-sahabat gaznasynyň guramaklarynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Onlaýn görnüşde geçirilýän bu halkara usuly-amaly okuwlara Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk mekdebinden, B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinden, Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinden pedagogik işgärler, professor mugallymlar, usulyýetçi alymlar we ylmy işgärler gatnaşýarlar.

Şeýle hem, halkara derejede guralan bu usuly-amaly okuwlara Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem köp sanly bilim işgärleri gatnaşýarlar.   

Umumy dowamlylygy 108 sagada niýetlenen bu usuly-amaly okuw iki basgançakda geçirilýär. Onuň birinji basgançagyny fewral aýynda, ikinji basgançagyny bolsa mart aýynda geçirmeklik meýilleşdirilen.