Turkmenportal logo
Düýn 10:48
66376637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Germaniýa energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

11-nji fewralda Berlinde Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy.

«Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plenar mejlisde çykyş eden Ahmet Gurbanow sebit ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda strategik dialogyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Germaniýa bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli we konstruktiw häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol bir wagtda taraplaryň geljegi uly bolan umumy mümkinçiliklerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Çykyşda sebit howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Ykdysady ugur boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy toplumy, suw hojalygy, şeýle hem maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar görkezildi. Şeýle-de sebit ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat ediş we bilim merkezlerini döretmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmekdäki ornuna ýokary baha berdi hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyny aýratyn belläp geçdi. 

Duşuşygyň jemleri boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy öz içine alýan we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge gönükdirilen Ministrleriň Berlin deklarasiýasy kabul edildi.