Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Olimpiýa şäherçesine baryp görmek hem-de onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada türkmen halkynyň Milli Liderine haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagyň olaryň islegini kanagatlandyrmagy bilen, ýetginjekler şu gün Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi. Aşgabadyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Olimpiýa şäherçesine baryp, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyşlary kanagatlandyrandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.
Olar, ilki bilen, Olimpiýa şäherçesiniň muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow ýaşlary Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň 21 görnüşi bilen tanyşdyrdy. Soňra ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdylar. Olar «Arkadag» futbol toparynyň Aziýa futbol konfederasiýasynyň 2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde geçirilýän türgenleşikleri synladylar hem-de toparyň oýunçylary bilen söhbetdeş boldular. Şeýle hem türkmen sportynyň taryhynda uly şöhrat gazanan toparyň oýunçylary körpe nesillere şanly wakadan ýadygärlik hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan süýjülikleri we futbol topuny sowgat berdiler. Munuň özi sowgatlary maňlaýyna sylyp kabul eden futbolçylaryň täze nesliniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.