Aşgabadyň merkezi köçelerinde AFK-nyň Çempionlar ligasy —2-niň 1/8 finalynyň çäginde Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda, «Arkadag» futbol klubyny goldaýan monitor ýazgylary we bezeg desgalary peýda boldy.
Türkmen toparyny goldaýan bannerler paýtagtyň mahabat desgalarynda we şäher monitorlarynda ýerleşdirildi. Şeýle hem toparyň nyşany bolan — futbolçy lybasyndaky pökgi tutup duran alabaýyň şekili şekillendirilýän bezeg desgalary gurnaldy. Bu desgalaryň ählisi taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda guralan giň gerimli şäher mahabat kompaniýasynyň bölegine öwrüldi.
«Arkadag» we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky birinji duşuşyk 11-nji fewralda, ýerli wagt bilen sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Rýad şäherinde meýilleşdirilýär.
«Al-Nasryň» düzüminde «Altyn topuň» bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu çykyş edýär. Şeýle hem toparda Ž.Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines, Marselo Brozowiç hem-de braziliýaly Bento Krepski we Gabriel Anželo ýaly oýunçylar bar. Topara 71 ýaşly portugaliýaly tälimçi Žorže Žezuş ýolbaşçylyk edýär.
«Al-Nasr» ýaryşyň esasy faworitleriniň biri hasaplanýar.