Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Gahryman Arkadag häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine, işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygyny aýtdy. Şunda bu ýerde alnyp barylýan işler kesgitlenen talaplara laýyklykda ýola goýulmalydyr we öz wagtynda tamamlanmalydyr. Soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, Gahryman Arkadag bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, täze şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda ägirt uly işleriň bitirilmelidigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.
Şeýle-de okaň: