Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak we olara häzirki zaman sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli resminamalary esasynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, şeýle hem 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde gurluşyklaryň batly depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, D.Orazow yzygiderli goldawyň berilýändigi hem-de ýaşaýyş jaýlaryna ýokary derejeli amatlyklaryň üpjün edilýändigi üçin şäher ilatynyň adyndan Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, jaýlaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýleki amatlyklary babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Munuň özi döwrebap jaýlarda ýurduň milli ruhuna kybap gelýän mümkinçilikleriň we amatlyklaryň berkarar bolmagynda ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadag bilim edaralarynyň, okuw mekdepleriniň otaglary her bir derse laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda özüniň köpýyllyk tejribesine esaslanyp, oňyn maslahatlaryny berdi.