Turkmenportal logo
Düýn 22:22
25712571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilerine laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde saparda boldy. Gahryman Arkadag täze şäheriň çäginde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy. Şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,  ilki bilen, Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady hem-de onuň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň berkligine we hiline birnäçe belliklerini aýtdy hem-de ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende olaryň üstünden ýük ulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şäher merkezine tarap ugrady. Gahryman Arkadag ýolugra täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Täze şäheriň nobatdaky tapgyrynda durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman Arkadag şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.