Şu gün Türkmenistanda saparda bolýan Aziýanyň ösüş bankynyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda duşuşyk geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda reminama gol çekildi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidentiniň arasynda duşuşygyň geçirilendigini, onuň barşynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşylandygyny habar beripdik.
