«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuşlaryň ýygylygyny günde 6 uçuşa çenli ýokarlandyrdy. Bu barada awiakompaniýa habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 11-nji awgustdan «Awaza» milli syýahatçylyk merkezinde dynç almak isleýän raýatlaryň barha artýan islegini kanagatlandyrmak üçin Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugrunda goşmaça uçuşlar girizildi.
Şol bir wagtyň özünde Balkanabat howa menzili bilen Türkmenistanyň ähli sebitleriniň arasynda göni uçuşlar ýola goýuldy.
Awiakompaniýanyň habaryna görä, täze ugurlar Balkanabat şäherini Aşgabat, Türkmenabat, Daşoguz, Mary we Kerki bilen birleşdirýär. Bu bolsa Balkanabat şäheriniň şypahanalaryna amatly girişi üpjün eder.
