Turkmenportal logo
24.02.24
4658946589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» gipermarketi hurmalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

«Aşgabat» gipermarketi öz müşderilerine amatly bahalardan ýetirýän hurmalarynyň köp sanly görnüşlerini hödürleýär. «Aşgabat» gipermarketiniň assortimentinde bu önümleriň: Ajwa, Mejdul, Mabrum, Safari hem-de Sagal ýaly görnüşleri bar.


Gipermarketde adaty hurmalardan başga-da, şokoladly we badamly hurmalaryň hem giň haryt görnüşleri ýetirilýär.



«Mukaddes Remezan aýynyň bosagasynda hurma süýjüligi her bir musulmanyň saçagynda esasy naz-nygmata öwrülýär. Biz hem Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň diňe ter hem-de ýokary hilli hurma süýjüliklerini satyn almaklary barada alada edýäris» diýip, gipermarketiň hünärmeni gürrüň berýär.



«Aşgabat» gipermarketi — müňlerçe dürli harydyň bir ýere jemlenmegidir:


- Azyk önümleri: miweler we gök önümler, et, balyk, süýt önümleri, däneler, makaronlar, konserwirlenen iýmitler, çaý, kofe, süýji we ş.m.;


- gündelik sarp edilýän harytlar: şahsy arassaçylyk önümleri, öý himiki serişdeleri, öý arassalaýyş önümleri, kanselýariýa harytlary, öý harytlary;


- tehnika we elektronika: smartfonlar, planşetler, kompýuterler, telewizorlar, sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar, çäýnekler, saç guradyjylar we ş.m.;


- erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen geýimler we aýakgaplar;


- bezeg we jaýy abadanlaşdyrmak üçin gerekli bolan zatlar: mebeller, gap-gaçlar, dokma önümleri, suratlar, küýzeler, heýkeljikler, ysly şemler we başgalar.


- kosmetika we parfýumeriýa: bezeg kosmetika önümleri, ýüze we bedene ideg etmek üçin önümler, erkekler we zenanlar üçin atyrlar;


- çaga harytlary: eşikler, aýakgaplar, oýunjaklar, arabalar, sallançaklar, ulag kreslolary, pampersler, çagalar üçin iýmit we başgalar.


Mundan başga-da, edilen söwdanyň umumy möçberine baglylykda, gipermarket tölegsiz eltip berme ýa-da taksi hyzmatyny ýetirýär. Degişli hyzmatlar barada giňişleýin bilmek üçin şu telefon belgä jaň ediň: (+993 65) 81 22 92.


Gipermarket «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň «B» blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýär. Iş wagty: 8:00-dan 23:00-a çenli.


Dükanyň mobil goşundysyny Google Play hem-de AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp, onlaýn söwda ediň.


Şeýle-de okaň: