Turkmenportal logo
08.06.23
4262242622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Ýol» toý zalyny sargyt eden müşderilere aýdymçyny we alypbaryjyny sowgat edýär

«Ak Ýol» toý zaly toý dabaralaryny sargyt edýän müşderilere ýetirýän sowgatlarynyň hataryny artdyrýar. Indi bu ýerde süýjülik tortundan, lazer şowundan, bäş ýyldyz myhmanhananyň nomerinden, «Lincoln» awtoulagyndan başga-da meşhur aýdymçy zenanyň hem-de görnükli alypbaryjynyň çykyşy sowgat hökmünde ýetirilýär. Bellesek, bular ýaşlar üçin berilýän sowgatlaryň ählisi däldir.


Toý dabarasyny üstünlikli hem-de göwnejaý görnüşde geçirmek üçin «Ak Ýol» toý mekanynda ähli mümkinçilikler bar: oýlanyşykly we sazlaşykly bezelen zal, datly tagamlar, hünärmenleriň talabalaýyk we medeniýetli hyzmaty hem-de toý mekanynyň adyndan ýetirilýän sowgatlar.



Bulardan başga-da, toý mekanynyň tölegini garaşaryna, möhletleýin töleg geçirmek şerti bilen 3 ýyllyk möhletine alyp bolýar. Ony ýola goýmak üçin bolsa şu resminamalar gerek bolýar:


  • Öýlenýän ýigidiň hem-de durmuşa çykýan gyzyň pasportynyň nusgasy;
  • Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnama;
  • Işleýän ýeriňden kepilnama;
  • Zähmet depderçeleriniň nusgalary;
  • Girew üçin gerek bolan resminamalaryň toplumy.


«Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.


Habarlaşmak üçin:


  • Sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • Telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň: