Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» dabaralar zalynyň baş aşpezi nahar bişirmegiň ýeňil usullaryny paýlaşdy

11:3723.05.2023
0
40503

«Ak Ýol» dabaralar zalynyň baş aşpezi Ýeňiş Saparow ýörite «Turkmenportalyň» okyjylary üçin nahar bişirmegiň käbir peýdaly usullary we aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

«Goşundylaryň tagamynyň dolulygyna açylmagy üçin olary gury saçda gowurmaly ýa-da owratmaly.

Biraz wanil adaty gök önümli işdäaçaryň tagamyny has üýtgeşik etmäge kömek eder. Ol islendik gök önüm bilen örän gowy sazlaşyp bilýär.

Öý hojalykçylary köpräk duz goşulan çorba içi tüwüli hasany salyp, birnäçe minut gaýnadyp, onuň tagamyny kadalaşdyryp bilerler. Ýarma hem artykmaç duzy özüne siňdirýär.

Et bişirilende ýa-da gowrulanda onuň üstünde owadan gabygyň emele gelmegi üçin steýki kagyz süpürgiç bilen guratmaly we ony ýokary otda bişirmeli. Ähli bölegini deň gowurmak üçin eti «gyzar» ýaly, nahar bişirmezden birnäçe sagat öň sowadyjydan çykarmaly» diýip, Ýeňiş syrlaryny paýlaşdy.

«Ak Ýoluň» tagamnamasynda (menýusynda) türkmen aşhanasynyň iň gowy görülýän milli tagamlarynyň – palaw, dograma, ýarma, şeýle hem dünýä aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň – oliwýe, frikase we başga-da köp dürli tagamlaryň bardygyny bellemek gerek.

«Ak Ýolda» dabara geçirmegi sargyt eden müşderiler agşam üçin restoranyň tagamnamasyndan hödürlenjek naharlary saýlap bilerler, şeýle hem taýýar edilen 10 sany tagamnama nusgalarynyň birini peýdalanyp bilerler.

Ýatlatsak, «Ak Ýol» dabaralar zaly Aşgabadyň Bagtyýarlyk köçesiniň ugrundaky «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýär. «Ak Ýolda» bir müň adama çenli myhmany rahatlyk bilen kabul etmek mümkindir.

Merkezde dabaraly çäreleri geçirmek üçin ähli zerurlyklar zatlar: professional yşyklandyryş we ses enjamlary, telewizor ekranlary, lazer şüweleňi we iň wajyp zatlaryň biri bolan – ýokary hünär derejeli işgärler.

«Ak Ýol» dabaralar zaly we müşderilere berilýän bonuslar barada has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň