Turkmenportal logo
26.04.23
3780937809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi çagalary ÝHD bilen 4 ýaşdan tanyşdyryp başlamagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekili mekdebe çenli çagalary ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşdyrmakda nämeden başlamalydygyny düşündirdi.


- Çaga 4 ýaşyndaka ýollarda howpsuz özüňi alyp barmagyň esaslary bilen tanyşdyrmaga başlap bilersiňiz - diýip, hünärmen belleýär. - Ilki bilen, oňa ýolyşygyň (swetofor) nämedigini we reňkleriniň manysyny, ýolda näme üçin «zebra» gerekdigini aýtmaly. Ene-ata çaga bilen ýoldan geçip, ýolugra özüňi alyp barmagyň kadalaryny düşündirende, maglumatlar has gowy özleşdiriler.


Şeýle hem näme üçin awtomobilleriň hereket edýän zolagynda samokat ýa-da welosiped sürmeli däldigini ýa-da ýoluň golaýynda oýnamaly däldigini, hatda topuň gaçsa-da, ýola garşy ylgamaly däldigini düşündirmek möhümdir.


Çagany ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrmak boýunça has giňişleýin maglumatlary şu mowzukda ýazylan makalada tanşyp bilersiňiz.


Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň habarlaşmak üçin maglumatlary:



Şeýle-de okaň: