«Iner Store» ykjam programmasyndaky zenan eşikleriň we aksessuarlarynyň görnüşleri täze önümler bilen dolduryldy.
66 manatdan başlaýan amatly bahadan torbalaryň, dürli reňkli we şekilli aksessuarlaryň görnüşleri ep-esli artdyryldy. Hödürlenen torbalaryň arasyndan her gün üçin ýa-da agşam eşigi bilen sazlaşýan amatly nusgalary saýlap bilersiňiz.
Şeýle hem adaty bolmadyk gözelligi bilen tapawutlanýan öýmeleriň dürli görnüşleri türkmen modaçylarynyň göwnünden turar. Reňk öwüşginleri türkmenleriň milli köýnegi üçin hem, häzirki zaman görnüşi emele getirmek üçin hem bezeg elementini saýlamaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, güýzüň gelmegi bilen zenanlar kapron kolgotkasyz oňup bilmezler. «Iner Store» dükanynda XS-den 6 XXL-e çenli dürli ölçegli kolgotkalaryň hödürlenýändigi bellärliklidir.
«Iner Store» dükanynda yzygiderli aksiýalaryň we harytlara arzanladyşlaryň geçirilýändigini bellemek gerek.
«Iner Store» onlaýn-platformasy Türkmenistanyň hemme ýerine eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar. Aşgabadyň çäklerinde eltip bermegiň bahasy 10 manada deň. 200 manatdan ýokary mukdarda sargyt edilende – eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.
«Iner Store» ykjam programmasyny ýüklemek üçin:
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Aşgabat, Oguz han köç., 5/7;
- telefon (+993 65) 62 46 48;
- e-mail: inerstore@gmail.com.
Şeýle-de okaň:

