Turkmenportal logo
11.10.22
2807628076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýük we ýolagçy gatnawynyň mukdary 7,5% ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2022-nji ýylyň dokuz aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.


Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tebigy gazyň, nebitiň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, nebit koksunyň, sementiň, mineral dökünleriň, şöhlat, süýji-köke önümleriniň, çöregiň we beýleki köp sanly önümleriň önümçiliginde durnukly ösüş gazanyldy.


Ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly görkezijiler üpjün edildi, muny ulagyň ähli görnüşindäki ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri tassyklaýar. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,5 göterim artdy.


2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwedir ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy.



Şeýle-de okaň: