Türkmenistanda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy täzelendi

22:3305.04.2022
0
6032

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygyny täzeledi.

Şu günki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly geçirilen maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwletgeldi Amanmuhammedowy Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belledi we ony zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatdy. Bu barada «Watan» gepleşiginde habar berildi.

Degişli Permana laýyklykda, Döwletgeldi Amanmuhammedow 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri Statistika baradaky döwlet komitetine ýolbaşçylyk eden Silap Welbegowyň ornuna geçdi.

Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, döwlet komitetiniň täze ýolbaşçysyna ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi, statistiki hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de bu işleri sanly ulgam arkaly guramagy we statistiki hasabatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda öňde boljak ilat ýazuwyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, onuň işinde häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy işjeň ulanmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyryp, D.Amanmuhammedowa täze wezipede üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň