Türkmenistanyň Prezidenti dokuz aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

12:5010.10.2022
0
17191
Türkmenistanyň Prezidenti dokuz aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamalarynyň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, şu ýylyň dokuz aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Ýangyç-energetika, senagat, gurluşyk, söwda, dokma, obasenagat toplumlarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda, daşary syýasatda döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hasabatlaryň özenini düzdi.

Şeýle-de Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içeri önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede bolandygy bellenildi. Hormatly Prezident şu ýylyň dokuz aýynyň görkezijileriniň ýurdumyzyň kesgitlenen maksatnamalara laýyklykda okgunly ösüşini dowam edýändigini görkezýändigini aýdyp, ähli ulgamlar boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglylykda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezident oňa gatnaşanlary şu gün giňden baýram edilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de baýramçylyk mynasybetli bu ulgamyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň