Turkmenportal logo
30.03.22
1385613856
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary diplom işi hökmünde «Ene» pýesasyny sahnalaşdyrdylar

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režissýorlyk hünäriniň 5-nji ýyl talyplary diplom işi hökmünde Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» atly pýesasy esasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda oýun sahnalaşdyrdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.


Ýokary okuw mekdebiň aktýorlyk ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň müdiri Aýmämmet Işangulyýew «Ene» pýesasynyň sahnada goýluşy barada:


«Diplom işi hökmünde «Ene» pýesasynyň saýlanyp alynmagynyň sebäbi, maşgala gatnaşyklary ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de möhümdir. Häzirki ýaşlaryň aglabasy iş başagaýlygyny bahanalap ejeleri bilen habarlaşmaga wagt tapmaýarlar. Bu bolsa «Ene» atly pýesanyň teatr sahnasynda ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde sahnalaşdyrylmagyna itergi berdi — diýip, gürrüň berdi.



Şeýle-de okaň: